Biz barada
- Baş sahypa
- Biz barada
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Köpetdagyň gözel künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň mähir-yhlasyndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan binýat bolan gözellikde we arassalykda ýaşamak we zähmet çekmek üçin oňaýly bolan "akylly" Arkadag şäheri halkara derejesinde birnäçe baýraklara we sertifikatlara eýe boldy. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berildi.
Atçylyk-sirk sungatynyň gadymy görnüşleriniň biri bolup, sirkde sahnalaryň aglaba bölegi atlar bilen baglanşykly. XVIII-XIX asyrlarda bu görnüş sirk sungatynyň esasy görnüşleriniň biri bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Bu toparyň döredilmegi bilen türkmen taryhynda şöhratly orny eýeleýän ahalteke bedewleriniň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmek, gadymdan bäri atyň üstünde ýerine ýetirilýän oýunlara milli öwüşgin bermek hem-de ahalteke bedewiniň şan-şöhratyny dünýä derejesine çykarmak bu toparyň baş wezipesi bolup durdy. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň iri halkara bäsleşiklerinde 6 gezek ýeňiji bolup behişdi bedewlerimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrdy.
Ýurdumyzda Döwlet sirklerine we aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi hem-de şertleri tassyklandy. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki 3 gatdan ybarat bolup, onuň umumy meýdany 12 gektara barabardyr. Umumy meýdanyň 3750 kw.metri atlar üçin gezim edilýän meýdança niýetlenendir. Sirkiň esasy merkezi Sirk çykyşlaryny görkezmek üçin niýetlenen diametri 13 metr tegelek meýdançadan ybarat bolup, ondan sirkiň ýokary nokadyna çenli aralyk 26 metirdir. Binanyň esasy aýratynlygy nal şekilini sypatlandyrýan äheňde ýerine ýetirilip, 42,8 metr beýiklikde bolmagydyr. Sirkiň içinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlardyr döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy häzirki zaman atçylyk däpleriniň mynasyp dowam etdirilmegine, oýunlaryň birkemsiz guralmagyna mümkinçilik berýär.
Binanyň 1-nji gatynda 1500 tomaşaça niýetlenen tomaşaçylar zaly, 1500 orunlyk garderob otagy, çykyş edilýän esasy we türgenleşik manežleri, grim otaglaryň 22-si, 70 orunlyk 2 sany kafeteriýa, 8-sany kassa otaglary, 3-sany lukmançylyk otaglary ýerleşdirilen. Haýwanlary saklaýyş ýataklary, tehniki, hyzmat ediş otaglary hereket edýär.
Binanyň 2-nji gatynda ýolbaşçy düzüm üçin otaglar, administrasiýa bölümi, arhiw, tans we gimnastika zallary, Halkara hyzmatlary bölümi we 24 adamlyk myhmanhana otaglary, orkestr we ses ýazgy, VIP otaglary bar.
Binanyň 3-nji gatynda muzeý, galkynyş otagy, 100 orunlyk mejlisler otagy, türgenleşik zaly, kafe we fitobar, yşyklandyryş we ses ulgamyny dolandyryjy operator otagy, tehniki hyzmat ediş otaglary ýerleşýär.
Binanyň ýerzemin gatynda 30 orunlyk athana, seýisler üçin otaglar, kir ýuwulýan bölüm, tikinçilik we aýakgap ussahanasy, inženerler üçin otaglar, weterinar bölümi, işgärler üçin niýetlenen 100 orunlyk naharhana bölümi, ammarlar we duş otaglary, tehniki, hyzmat ediş otaglary hereket edýär. Sirkiň meýdançasynda agaç we demir ussahanasynyň otaglary we iým saklanylýan ammaryň binasy, awtoulag saklanylýan garažyň binasy, bug gazany we dizel generatorly transformator bekediniň binasy bar. Ýokary derejeli tehnologiýalar bilen üpjün edilen "Görogly" adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň oturumly ýerleri 10 sany bölümçä-sektorlara bölünýär. Sirkiň merkezi girelgesiniň sag we çep taraplaryndaky bölünen sektorlarda tomaşaçylaryň oturmaklygy we sirk çykyşlaryna tomaşa etmekleri üçin oňaýly şertler döredilen.
Häzirki wagtda "Görogly" adyndaky döwlet atçylyk sirkine Baýramdurdy Baýramdurdyýew ýolbaşçylyk edýär. "Görogly" adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň açylyp ulanylmaga berileninden soň sirkiň sahnasynda birnäçe tomaşalar guraldy.
2023-nji ýylyň 3 — 9-njy iýuly aralygynda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Russiýanyň meşhur sirk artistleriniň, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bilelikdäki çykyşlary guraldy.
"Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýylynyň başynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji Halkara sirk festiwalynda dünýä belli "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary ýokary baýraga, Altyn Kuboga eýe boldular. "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň gazanan üstünligine bagyşlanyp, Arkadag şäheriniň "Görogly" adyndaky döwlet atçylyk sirkinde dabaraly çäre geçirildi.
Çykyşlaryň dowamynda owadanlykda taýsyz behişdi bedewleriniň üstünde oýun görkezmek sungaty aňrybaş çylşyrymly hereketler ýerine ýetirilende geýilýän lybaslar we çuňňur duýgur, gujurly türkmen artistleriniň çykyşlarynyň haýran galdyryjy tomaşasyny döretmek bilen sirk sungatynyň bilermenlerine we tomaşaçylara özlerini ykrar etdiren jigitleriň ýerine ýetirýän dürli tilsimleri aýratyn hormata eýe bolýar. Häzirki wagtda sirkde her hepdäniň ýekşenbe gününde ýokary derejeli sirk sahna ussatlarynyň hem ýaş sirk ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde şowhunly çykyşlar halkymyza ýetirilýär. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň salgysy: Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolynyň 26-njy jaýy. Telefon belgileri: 57-23-53, 57-23-60, 57-23-52












