Täze ýyl şowhuny atly sirk tomaşasy
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde “Täze ýyl” baýramçylygy mynasybiýetli sirk tomaşasy halk köpçüligine ýetirildi. Bu baýramçylyk çykyşy özboluşly Aýazbabanyň we garpamygyň gutlaglary bilen utgaşyp gitdi. Tomaşanyň dowamynda Aýazbaba bilen Garpamyk arçanyň yşyklaryny ýakyp gelýän täze ýylymyzyň gahrymany türkmen ertekilerindäki hazynalaryň soltany ýylan birnäçe sirk artistleriniň ýerine ýetirmeginde sahnada çykyş etdiler. Sirkiň ähli işgärleriniň agzybirlikde çagajyklara we dürli ýaşly tomaşaçylara ýetiren baýramçylyk şowhuny ýerine düşendir diýip tama edýäris.

