Habarlar

  • Baş sahypa
  • Habarlar
  • Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä meşhur bolan “Galkynyş”
image

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä meşhur bolan “Galkynyş”

Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji Halkara sirk festiwalynda Altyn Kuboga mynasyp bolan Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň gazanan üstünligine bagyşlanyp, Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirkinde dabaraly çäre geçirildi. 
  Ýeňijileri gutlamak we sylaglamak dabarasyna döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri hem-de giň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. 
   Dabara gatnaşyjylar türkmen sirk sungatynyň dünýä derejesinde tanalýandygyny we “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliginiň ýurdumyzyň bu ugurdaky ösüşine uly goşant goşýandygyny bellediler.