Habarlar

image

"Görogly" atly teatrlaşdyrylan sirk tomaşasy.

25.06.2024 ýylda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde "Görogly" atly teatrlaşdyrylan sirk tomaşasy ilkinji gezek tomaşaçylara görkezildi. Bu teatrlaşdyrylan sirk tomaşasynyň sýužeti türkmeniň mifiki gahrymany Göroglynyň dogluşy, öýlenişi barada bolup,  Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Arkadag şäheriniň A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleri bilen bilelikde ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.