Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” toparynyň agzalary bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp, bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Duşuşykda toparyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň 3 million manat bilen sylaglamak baradaky karara gelendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalarynyň her birine at eýerlerini, şeýle-de olara Garaşsyz atly ajaýyp bedewi sowgat hökmünde gowşurdy.

